Pfizer semizlige garşy dermanlary işläp taýýarlamagyny bes etdi

  • 17.04.2025 07:40
  • 2.1k+

Pfizer kompaniýasy Novo Nordisk we Eli Lilly kompaniýalarynyň bazardaky meşhur horlandyryjy serişdelerine garşy taýýarlaýan dermanyny işläp düzmegi bes etdi. Bu kararyň kabul edilmegine klinik synaglara gatnaşan bir näsagda bagyr zeperlenmesiniň ýüze çykarylmagy sebäp boldy.

Pfizer kompaniýasynyň beýanatynda aýdylmagyna görä, danuglipron synagyna gatnaşanlarda bagyr fermentleriniň derejesiniň ýokarlanyş ýygylygy, bu görnüşdäki eýýäm tassyklanan dermanlaryň görkezijileri bilen deňdi. Emma şol synaglara gatnaşan, takmynan, 1400 adamyň birinde bagryň zeperlenme howpy ýüze çykaryldy. Näsag danugliprony ulanmagy bes edeninden soň, görkezijiler adaty ýagdaýyna geldi.
COVID-19 pandemiýasy gutarandan soň, Pfizer kompaniýasy agramy netijeli dolandyrmak üçin derman taýýarlamaga üns berdi. Häzirki wagtda bazarda Eli Lilly we Novo Nordisk kompaniýalarynyň «Ozempik» we «Wigowi» dermanlary agdyklyk edýär. Pfizer-iň beýanatyndan soň, bu kompaniýalaryň paýnamalarynyň bahasy birža daşyndaky söwdalarda, degişlilikde, 2,6% we 2,8% ýokarlandy.


17.06.2026 11:24
6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3.1k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....