McLaren dolulygyna Bahreýniň garaşsyz gaznasynyň gözegçiligine geçýär

  • 26.03.2024 12:35
  • 7.2k+

Awtoulag öndürijisi we ýaryş bölüminiň eýesi bolan McLaren Group Limited Bahreýniň Bahrain Mumtalakat Holding Company-nyň ýeke-täk gözegçiligine geçdi. Bahreýniň garaşsyz gaznasy galan 40% paýyny beýleki paýdarlardan satyn aldy. Auto.ru-nyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň dekabrynda yglan edilen şertnama tamamlandy.

Mumtalakat 2007-nji ýyldan bäri McLaren-iň işine gatnaşyp gelýär we 2023-nji ýyldan bäri 60% paýyna eýe. Täze maýa goýumlar täze modelleri we tehnologiýalary ösdürmegi goşmak bilen, uzak möhletleýin strategiýasyny durmuşa geçirmäge ünsi jemlemäge mümkinçilik berer.
Koronawirus pandemiýasy wagtynda McLaren-iň, 2020-nji ýylda restrukturizasiýa we işgärleriň azaldylmagyna sebäp bolan, maliýe kynçylyklarynyň has hem ýaramazlaşandygyny bellemek gerek. 2022-nji ýylda öndüriji taryhy ýygyndysynyň bir bölegini şol bir Bahreýn gaznasyna satmaga mejbur boldy.
Kynçylyklara garamazdan, McLaren soňky bir ýylda 750S superkar, GTS grad-turýer we Artura spaýderi ýaly birnäçe täze modeli hödürledi.
Indiki täze önüm 2015-nji ýylda öndürilmegi bes edilen, meşhur P1-iň mirasdüşeri P18 gibrid giperkary bolar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....