Bäş metrlik Volkswagen Magotan sedanynyň suraty internetde paýlaşyldy

  • 26.03.2024 10:12
  • 12k+

Volkswagen kompaniýasy Pekindäki awtoulag sergisinde Passat modeliniň oruntutary bolan täze Magotan sedanyny hödürlär. Bu barada ithome.com habar berýär.

Awtoulagyň uzynlygy 4990 mm, ini – 1854 mm, beýikligi – 1487 mm. Teker binýady – 2871 mm. Şeýlelik bilen, HHR-iň bazary üçin niýetlenen sedan «global» Passat B9 uniwersal ulagyndan sekiz santimetr uludyr. Onuň salonynda sanly gurallar paneli we iki sany giň monitor ornaşdyrylandyr.
Hytaýda bu awtoulag 220 at güýjüni öndürýän 2.0 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen hödürlener. 160 at güýjüni öndürýän 1,5 litrlik has ýönekeý görnüşi hem bolar. Ulagyň öňdaki tekerleri hereketli, geçiriş gutusy bolsa robotlaşdyrylandyr.
Model barada has anyk maglumatlar tanyşdyrylyş dabarasynda yglan ediler.


14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.5k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.8k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.2k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......