Android 15-e çenli täzelenjek Samsung smartfonlary mälim edildi

  • 26.03.2024 10:08
  • 6.7k+

2024-nji ýylda Samsung kompaniýasy takmynan 50 smartfon we planşet modelini One UI 7-ä täzelär. Bu barada GizmoChina neşiri SamMobile çeşmesine salgylanyp habar berýär.

Google-yň 2024-nji ýylyň iýul aýynda Android 15-iň üstünde işlemegini tamamlamagyna garaşylýar. Soňra Samsung One UI 7 ulgamyny Android-iň täze nusgasyna birleşdirer, munuň birnäçe aý dowam etmegi mümkin. Bu bolsa islendik Galaxy enjamynyň programma üpjünçiliginiň täzelenmesini alyp başlamagy üçin köp wagt garaşmaly boljakdygyny aňladýar.
Samsung heniz Android 15 bilen üpjün ediljek enjamlaryň resmi sanawyny çap etmedi. SamMobile-yň redaksiýasy soňky ýyllarda Günorta Koreýa kompaniýasynyň smartfonlaryny täzelemeginiň tertibine esaslanyp, özbaşdak sanaw düzdüler. Şeýlelikde, SamMobile şu ýyl flagman Galaxy S seriýasyndan S21, S21+, S21 Ultra, S21 FE, S22, S22+, S22 Ultra, S23 FE, S23, S23+, S23 Ultra, S24, S24+ we S24 Ultra smartfonlarynyň Android 15-e täzelenjekdigine ynanýar.
Galaxy Z seriýasynda – Z Flip 3, Z Flip 4, Z Flip 5 we Z Flip 6, Z Fold 3, Z Fold 4, Z Fold 5 we Z Fold 6. Galaxy A seriýasynda – A14, A15, A23, A24, A25, A33, A34, A53, A54, A72, A73. Galaxy Tab seriýasyna – S8, S8+, S8 Ultra, S9, S9+, S9 Ultra, S9 FE, S9 FE+ girýär. Galaxy F seriýasyna F54, F34 we F15 girýär. Galaxy M seriýasyna M15, M33, M53, M34 we M54 girýär.
SamMobile bu seriýalaryň görkezilen tertipde: Galaxy S-den Galaxy M-e çenli täzelenjekdigine ynanýar.


22.04.2026 16:50
827

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...