Stiw Jobsuň goly bolan wizitka auksionda rekord baha satyldy

  • 24.03.2024 18:10
  • 11k+

Bostonyň RR Auction auksionynyň maglumatlaryna görä, Stiw Jobsuň goly bolan seýrek Apple Computer wizit kartoçkasy auksionda 181 183 dollara satyldy. Bu gol çekilen wizit kartoçka üçin rekord bahadyr diýip, gagadget.com belleýär.

Bu wizitka 40 ýyldan gowrak wagt bolup, ol 1983-nji ýyl bilen senelenýär. Onda Apple-iň köne alty reňkli logotipi şekillendirilen, şeýle-de kompaniýanyň öňki salgysy görkezilen: Kaliforniýanyň Kupertino şäherindäki 10945 Bandley Drive. Jobs Apple-iň müdirler geňeşiniň başlygy hökmünde görkezilýär.
Stiw Jobs karýerasynyň dowamynda öz goluny seýrek ýagdaýda “paýlapdyr”, şonuň üçin onuň goluny saklaýan predmetler, köplenç, uly mukdara satylýar.
Öň, biz Stiw Jobsuň wizitkasynyň taryhda iň gymmat wizit kartoçkasy bolandygyny habar beripdik.


15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....