“Jon Uikiň” prodýuserleri “Bundokly keramatlylar” kult boýewigini täzeden çykararlar

  • 24.03.2024 18:05
  • 6.4k+

1999-njy ýylda çykarylan “Bundokly keramatlylar” kult filmi “Jon Uikiň” üstünde işlän Thunder Road kompaniýasy tarapyndan täzeden çykarylar diýip, Deadline habar berýär.

Filmiň asyl nusgasy özlerini hudaýyň wekili hasaplaýan we jenaýatçylygyň artýan şäher köçelerinde adalaty ýola goýýan bostonly iki dogan hakda gidýär. 2009-njy ýylda “Ähli keramatlylaryň güni” ady bilen filmiň dowamy çykdy.
Taslamanyň täzeden goýberilmegi bilen filmiň asyl nusgasyna gatnaşan aktýorlaryň - Norman Ridusyň we Şon Patrik Fleneriň öz keşplerine gaýdyp geljekdigi bellendi.
Täze filmiň sýužeti, goýberiljek senesi we filme kimiň režissýorlyk etjekdigi entek belli däl.


düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 14:33
1.9k+

Almodowaryň, Farhadiniň we Hamagutiniň gatnaşmagynda 79-njy Kann kinofestiwaly açyldy

12-nji maýda 79-njy halkara Kann kinofestiwaly öz işine başlady. Esasy bäsleşige 22 film girip, olaryň arasynda dünýä belli režissýorlaryň işleri we kinematografiýanyň täze ugurlaryny hödürleýän awtorlaryň......

12.05.2026 23:04
2.4k+

Jeýms Kemeron bilen Billi Aýlişiň 3D-filmi prokata çykdy

Režissýor Jeýms Kemeronyň hem aýdymçy Billi Aýlişiň bilelikdäki taslamasy – aýdymçynyň Mançesterdäki «Hit Me Hard and Soft: The Tour» atly konsertli syýahatyna bagyşlanan 3D-filmi dünýä prokatyna çykdy....

11.05.2026 15:25
1.4k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......