Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň 3 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler

  • 24.03.2024 07:26
  • 12k+

29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler. Bu barada 23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine saparynyň barşynda geçiren iş maslahatynda aýdyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler barada habar berildi. Şeýle hem Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynda tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara ynsanperwer kömegiň iberilendigi aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň, aýratyn hem çagalaryň saglygy barada aladanyň döwletiň esasy üns merkezinde durýandygyna üns çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň we berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň halkara ülňülerine laýyk gelmelidigi barada belledi. Lukmanlaryň hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmäge hemişe ähmiýet berilmelidigine üns çekildi.
Çagalar barada alada dogrusynda durup geçirip, Gurbanguly Berdimuhamedow bejergi alýan çagalaryň arasynda döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmeginiň we olary höweslendirmegiň möhümligini nygtady. Hususan-da, çagalaryň arasynda surat bäsleşigini guramak we çekilen suratlary Gaznanyň muzeýinde ýerleşdirmek maksadalaýyk bolar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.


düýn 18:57
1.4k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
995

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......