Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl BMG-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi

  • 24.03.2024 06:21
  • 4k+

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 86 ýurt oňa awtordaş boldy. BMG-niň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan bu hoş habary wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji martda Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy.

Bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu resminama dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini görkezýär. 
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamany kabul etmegi bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çäreleri geçirmek boýunça hökümet derejesindäki degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň mejlislerinde anyk meselelere seretmek, şeýle hem bu işleri halkara derejesinde geçirmek maksady bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň gatnaşmagynda duşuşyklary geçirmek baradaky teklipleri beýan etdi. 
Serdar Berdimuhamedow Kararnamany amala aşyrmak boýunça beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.


düýn 22:09
595

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
513

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
644

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......