Uelsiň şa zenany Keýt Middltona rak kesel kesgidi goýuldy

  • 23.03.2024 20:56
  • 20k+

Uelsiň şa zenany Keýt Middlton rak kesel kesgidi goýlandan soň, öňüni alyş himiýa terapiýasyndan geçýändigini mälim etdi diýip, Bi-Bi-Si habar berýär.

Bu howply täze döreme ýanwar aýynda şa zenanynyň garnyna edilen operasiýadan soň geçirilen test barlaglarynda ýüze çykaryldy. Rak keseliniň haýsy görnüşidigi barada maglumat berilmedi.
Keýt fewral aýynyň ahyrynda himiýa bejergisine başlady. Ol öz kesel kesgidi we bu ýagdaýa nähili çemeleşýändigi barada wideo habary ýazgy etdi.

"Bu biziň üçin uly sarsgyn boldy we men Uilýam bilen ýaş maşgalamyzyň hatyrasyna öz aramyzda munuň hötdesinden gelmäge çalyşýarys we elimizden gelenini edýäris" – diýip, şa zenany gürrüň berdi.

Şeýle hem, ýagdaýy çagalaryna - Jorja, Şarlotta we Luiýe düşündirmek üçin özüne we adamsyna wagt gerekdigini aýtdy.

"Men olara özümiň sagdyndygymy we günsaýyn güýçlenýändigimi, aňymda, bedenimde we ruhumda sagalmaga kömek etjek zatlara ünsi jemländigimi aýtdym" –diýip, Keýt nygtady.

Operasiýadan soň Keýt köpçülige çykmasyny goýdy, munuň özi köp myş-myşlaryň döremegine sebäp boldy. Şa zenanyň iňlis şa maşgalasynda rak keseline duçar bolan ilkinji adam däldigini bellemelidiris. Şa Çarlz III-e hem başga bir lukmançylyk barlaglary wagtynda howply çiş bar diýip kesel kesgidi goýlupdy. Şondan soň ol hem köpçüligiň arasyna çykmasyny seýrekledipdi.


düýn 19:18
2.8k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......