Killian Mýorfi “Kesgir gaşlar” filminde Tomas Şelbiniň keşbine gaýdyp geler

  • 23.03.2024 20:57
  • 7.3k+

Ýakynda “Kesgir gaşlar” (“Острые козырьки”) filminiň awtory Stiwen Naýt “BirminghamWorld” neşiriniň žurnalistleri bilen söhbetdeş boldy. Onuň dowamynda kinematografçy aktýor Killian Mýorfiniň “Kesgir gaşlar” filminde Tomas Şelbiniň keşbine gaýdyp geljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, Naýt filmiň sentýabr aýynda surata düşürilip başlanjakdygyny belledi. Premýeranyň senesi heniz habar berilmeýär.
Geljekki kartinanyň wakalary Ikinji jahan urşy ýyllarynda bolup geçer. Öň, filmde iki sýužet hatarynyň boljakdygy, wakalarda bolsa hem täze gahrymanlaryň, hem öňki gahrymanlaryň peýda boljakdygy belli boldy.
Bulardan başga-da, dekabr aýynda žurnalistler Netflix-iň “Kesgir gaşlaryň” iki spin-offunyň üstünde işleýändigini habar berdiler. Birinjisiniň wakalary asyl wakadan onlarça ýyldan soň Bostonda bolup geçer. Ikinji taslama Şelbi klanynyň matriarhy Polliniň ýaşlygy barada gürrüň berer.
Ýeri gelende bellesek, “Kesgir Gaşlar” (“Peaky Blinders”) Angliýanyň Birmingem şäherinde hereket eden kriminal banda bolup, käbir aýtgylara görä, bu at toparyň agzalarynyň öz papaklarynyň gaşlaryna päki tikmegi bilen baglanyşykly bolupdyr. Soň olar ýarag hökmünde ulanylyp bilnipdir.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....