“Mugthorlar” kinematografçylar tarapyndan XXI asyryň iň gowy filmi hökmünde saýlandy

  • 30.06.2025 18:46
  • 5.7k+

The New York Times žurnaly Golliwuddan we bütin dünýäden kinematografçylaryň pikiri boýunça XXI asyryň iň gowy 100 filminiň sanawyny hödürledi. Pikir soraşma kinopudagyň 500-den gowrak wekili, şol sanda režissýorlar, aktýorlar we ssenariçiler gatnaşdy – olaryň arasynda Pedro Almodowar, Sofiýa Koppola, Barri Jenkins, Gilýermo Del Toro, Jon Turturro we Julianna Mur bar.

Birinji orny günorta koreýaly režissýor Pon Çžun Honuň “Mugthorlar” filmi (2019) eýeledi. Neşir awtoryň “komediýadan sosial drama çenli žanrlary erkin utgaşdyryp”, “jemgyýetiň synpy gurluşy we deňsizligiň netijeleri” barada hekaýat döredýändigini belleýär.
Ikinji orunda Dewid Linçiň “Malholland Draýw” filmi (2001) ýerleşdi. Film triller bilen psihologiki dramanyň aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Üçlügi baş keşpde Deniel Deý-Lýuis bilen Pol Tomas Andersonyň nebit magnaty we häkimiýet bilen kapitalyň töweregindäki dawalar barada “Nebit” filmi (2007) jemleýär.
Sanawda beýleki awtorlardan Kristofer Nolanyň ady ýygy-ýygydan agzalýar. Reýtinge onuň bäş filmi girdi: “Memento” (2000), “Gara rysar” (2008), “Başlangyç” (2010), “Interstellar” (2014) we “Oppengeýmer” (2023).
Şeýle-de, sanawa Alfonso Kuaronyň we Pol Tomas Andersonyň hersiniň dört filmi, Dewid Finçeriň, doganlar Koeniň we Kwentin Tarantinonyň bolsa üç filmi girdi.

Aşakda sanawyň ilkinji onlugyny hödürleýäris:

  1. “Mugthorlar” (Паразиты / Pon Çžun Ho, 2019)
  2. “Malholland Draýw” (Малхолланд Драйв / Dewid Linç, 2001)
  3. “Nebit” (Нефть / Pol Tomas Anderson, 2007)
  4. “Söýgi şähdi” (Любовное настроение / Wong Karwaý, 2000)
  5. “Aý nury” (Лунный свет / Barri Jenkins, 2016)
  6. “Gojalara bärde ýer ýok” (Старикам тут не место / Doganlar Koen, 2007)
  7. “Arassa aňyň baky ýalkymy” (Вечное сияние чистого разума / Mişel Gondri, 2004)
  8. “Güm bol” (Прочь / Jordan Pil, 2017)
  9. “Ruhlar bilen äkidilen” (Унесенные призраками / Haýao Miýadzaki, 2001)
  10. “Sosial ulgam” (Социальная сеть / Dewid Finçer, 2010)

düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......