Şanhaýda 10G tizlikli iň çalt internet synag edildi

  • 23.03.2024 16:44
  • 9.3k+

Şanhaýda dünýäde ilkinji görkezme meýdançasy işläp başlandy, bu ýeriniň  ýaşaýjylary 10 gigabitlyk (10G) giň zolakly internete girip bilýärler diýip, Gizmochina habar berýär.

F5G-A diýlip atlandyrylýan täze hyzmat 50G-PON infrastrukturasynyň ulanylmagyna esaslanýar. Uly faýllary sanalgyja sekuntda ýükläp almaga  mümkinçilik berýän ýokary tizlikli bulut giň zolakly aragatnaşygy üpjün edýär. Mysal üçin, 90GB 8K-lik filmi indi 72 sekuntda göçürip alyp bolýar, bu adaty gigabitlik internetden 10 esse çaltdyr.
10G ulgamy adamyň durmuşynyň ähli ugurlaryny özgertmegi wada berýär: onuň durmuşyny, işini, bilimini, dynç alşyny we internetdäki beýleki adamlar bilen gatnaşygyny. Görkezme synagy jemgyýetiniň agzalary:
Dury 3D wideolary hakyky wagtda, özlerini edil içinde ýaly duýup görüp bilerler.
Maglumatlary we faýllary derrew bulut bilen sinhronlarlar.
“Akylly öýüň” bökdençsiz işlemeginden lezzet alarlar.
Ýokary çaltlykda maglumatlary geçirmek China Telecom-yň we Yanpu etrap häkimliginiň "15 minutlyk aragatnaşyk tegelegi" başlangyjy üçin esas bolup hyzmat edýär. Bu maksatnama öýden 15 minutlyk aralykda ähli zerur çeşmeler - iş, bilim, dynç alyş, hyzmatlar ýerleşýän amatly şäher gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.
Internetiň tizligi boýunça dünýä rekordynyň 1,8 Pbit / s görkezijisi bolan Daniýanyň we Şwesiýanyň alymlaryna degişlidigini bellemek gerek. Şanhaýdaky görkezme meýdançasy diňe bir synag edijileriň çäkli toparyna däl-de, eýsem aşa ýokary tizlikli giň zolakly internetiň hemmeler üçin elýeterli bolan ilkinji ýeri boldy.


düýn 20:08
3.7k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.4k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....