Infiniti täze nesil QX80 krossowerini çykardy

  • 23.03.2024 12:04
  • 13k+

Infiniti kompaniýasy QX80 krossoweriniň täze neslini hödürledi. Bu barada Infiniti-niň metbugat gullugy habar berýär.

Üç hatarly täze nesil QX80 ulagynyň dizaýny «Hereket sungaty» hökmünde terjime edilip bilinjek «Artistry In Motion» stilinde ýerine ýetirildi. Awtoulag egri çyzyklary we brendiň yşykly täze nyşany bolan uly radiator paneli bilen üpjün edildi.
Ikinji hatardaky ýolagçylara biometrik sowadyş mümkinçiligi elýeterlidir. Ýörite datçik ýolagçynyň yssylaýandygyny kesgitleýär we howany dolandyrmak ulgamy zerur mukdarda salkyn howany ikinji hatara gönükdirýär. Mundan başga-da, awtoulagda sürüji we öňdäki ýolagçy, şeýle hem ikinji hatardaky ýolagçylar üçin gurnalan massaž ulgamy bolar.
Krossower pnewmatik «Electronic Air Suspension» we «Dynamic Digital Suspension» adaptasiýa amortizatorlary bilen üpjün ediler, bu bolsa sürüş aýratynlyklaryny we hereketde amatlylygy ýokarlandyrar.
Awtoulag 450 at güýjüni öndürýän 3,5 litrlik turbo hereketlendirijisi we dokuz basgançakly awtomatiki geçiriş gutusy bilen enjamlaşdyrylandyr. Ulag iki nusgada – yzky tekerleri ýa-da ähli tekerleri hereketli nusgada hödürlenýär.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....