Ariana Grandeniň 98 ýaşly enesi Billboard çartynyň rekordyny täzeledi

  • 22.03.2024 23:33
  • 13996
Ariana Grandeniň 98 ýaşly enesi Billboard çartynyň rekordyny täzeledi

98 ýaşly aýdymçy we Ariana Grandeniň enesi Marjori Grande Billboard Hot 100 çartyna giren iň garry adam boldy. Meşhur agtygy tarapyndan çykarylan täze «Ordinary Things» aýdymy çartda 55-nji ýerde ýerleşdi. Marjori hem bu aýdymyň awtordaşy we ýerine ýetirijisi hasaplanýar.

«Ordinary Things» aýdymy Ariana Grandeniň «Eternal Sunshine» atly ýedinji studiýa albomyndan ýer aldy. Albomyň özi 2024-nji ýylyň mart aýynda çykdy we Billboard 200 çartynda birinji orny eýeledi. «Ordinary Things» aýdymynyň ahyrynda Marjori Grandeniň sesini eşidip bolýar, çykyş maglumatlarynda ol Nonna diýlip hasaba alyndy – bu terjime edilende «ene» diýmegi aňladýan italýan sözüdir.
Ozal bu rekord «Oh Sweet Lorraine» aýdymynyň awtory amerikaly Fred Stobo degişlidi. 96 ýaşly sazanda Billboard Hot 100-e girip, çartyň 42-nji ornunda ýerleşdi – bu aýdym aýaly aradan çykandan soň pensioner tarapyndan ýazylan täsirli söýgi aýdymydyr.


23.02.2024 17:42
4343

Teýlor Swift 2023-nji ýylyň iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift yzygider ikinji ýyl iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy. Bu barada Halkara ses ýazgysy federasiýasynyň (IFPI) 2023-nji ýyl üçin hasabatyna salgylanyp, TASS habar berýär...

14.12.2023 09:30
8792

Teýlor Swiftiň konsert syýahaty iň girdejili hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Teýlor Swiftiň “The Eras Tour” dünýä syýahaty girdeji ýygymy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Guinness World Records saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Syýahat 1 mlrd dollar girdejiden...

12.11.2023 16:08
7949

Teýlor Swift “Gremmi” baýragy üçin nominasiýalar boýunça rekordy täzeledi

Amerikaly pop-ýerine ýetirijisi Teýlor Swift “Gremmi” baýragy üçin ýedinji nominasiýada görkezilip, rekord eýesi boldy. Bu barada BBC salgylanyp, lenta.ru habar berýär. Swiftiň “Anti-Hero” aýdymy “Gremmi” aýdym...

19.10.2023 07:40
6067

Teýlor Swiftiň film-konserti kassa ýygymy boýunça rekord goýup biler

Teýlor Swiftiň «Teýlor Swift: The Eras Tour» atly film-konserti ABŞ-da ilkinji dynç günlerinde 100 million dollar gazanyp biler. Bu barada «Hollywood Reporter» habar berýär. Bu sanlary «AMC Theatre-niň» distribýutory...