Teýlor Swift “Gremmi” baýragy üçin nominasiýalar boýunça rekordy täzeledi

  • 12.11.2023 16:08
  • 7.9k+
Teýlor Swift “Gremmi” baýragy üçin nominasiýalar boýunça rekordy täzeledi

Amerikaly pop-ýerine ýetirijisi Teýlor Swift “Gremmi” baýragy üçin ýedinji nominasiýada görkezilip, rekord eýesi boldy. Bu barada BBC salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Swiftiň “Anti-Hero” aýdymy “Gremmi” aýdym-saz baýragynda “Ýylyň aýdymy” nominasiýasynyň gysga sanawyna girdi. Şunuň netijesinde Swift baýragyň taryhynda birbada ýedi nominasiýa alan ilkinji aýdym awtory boldy. Ol rekordy täzeläp, bir gezekde alty nominasiýa alan Pol Makkartniden we Laýonel Riçiden öňe geçdi.
Şeýle-de, Swift “Ýylyň albomy” we “Ýylyň ýazgysy” kategoriýalarynda dalaşgär görkezildi. Bu ýerde ol ýeňiş ugrunda aýdymçylar Oliwiýa Rodrigo, Maýli Saýrus we SZA bilen bäsleşer. Şu ýyl “Ýylyň aýdymyna” dalaşgärleriň arasynda Lana Del Reý we Dua Lipa bar.
Şol bir wagtyň özünde, Swift “Ýylyň albomy” nominasiýasynda eýýäm altynjy gezek görkezilýär. Zenan aýdymçylaryň arasynda şeýle görkezijini diňe Barbra Streýzand alypdy. Ýeňiş gazanan ýagdaýynda Teýlor Swift bu nominasiýanyň ilkinji dört gezek ýeňijisi bolar.


22.03.2024 23:33
14k+

Ariana Grandeniň 98 ýaşly enesi Billboard çartynyň rekordyny täzeledi

98 ýaşly aýdymçy we Ariana Grandeniň enesi Marjori Grande Billboard Hot 100 çartyna giren iň garry adam boldy. Meşhur agtygy tarapyndan çykarylan täze «Ordinary Things» aýdymy çartda 55-nji ýerde ýerleşdi. Marjori...

23.02.2024 17:42
4.3k+

Teýlor Swift 2023-nji ýylyň iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift yzygider ikinji ýyl iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy. Bu barada Halkara ses ýazgysy federasiýasynyň (IFPI) 2023-nji ýyl üçin hasabatyna salgylanyp, TASS habar berýär...

14.12.2023 09:30
8.8k+

Teýlor Swiftiň konsert syýahaty iň girdejili hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Teýlor Swiftiň “The Eras Tour” dünýä syýahaty girdeji ýygymy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Guinness World Records saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Syýahat 1 mlrd dollar girdejiden...

19.10.2023 07:40
6.1k+

Teýlor Swiftiň film-konserti kassa ýygymy boýunça rekord goýup biler

Teýlor Swiftiň «Teýlor Swift: The Eras Tour» atly film-konserti ABŞ-da ilkinji dynç günlerinde 100 million dollar gazanyp biler. Bu barada «Hollywood Reporter» habar berýär. Bu sanlary «AMC Theatre-niň» distribýutory...