Alymlar gary eredip biljek öz-özüni gyzdyrýan beton ýasadylar

  • 22.03.2024 13:48
  • 20k+

Pensilwaniýa ştatynyň Dreksel uniwersitetiniň alymlary betonyň gary özbaşdak eredip bilýän täze görnüşini döretdiler. Ösüşiň syry - betona doňanda ýylylygy bölüp çykarýan parafiniň goşulmagydyr diýip, New Atlas ýazýar.

Synaglar täze betonyň 76x76 sm-lik plitasynyň howanyň temperaturasy noldan aşak düşenden soň, 10 sagatlap 5,6-12,8 ° C-a çenli gyzgynlygyny saklaýandygyny  görkezdi. Bu wagt plitanyň üstüne düşen ähli garlary eretmek üçin ýeterlik boldy. Garyň ereýiş tizligi sagatda 1 santimetrdi.
Şeýle betonyň ulanylmagy awtoulag ýollaryna garaýşymyzy üýtgeder, sebäbi olar aşakdaky ýaly birnäçe artykmaçlygy hödürleýärler:
Hyzmat ediş möhletiniň uzalmagy: şeýle ýollarda çyglylygyň azalýandygy sebäpli az çukur emele gelýär.
Howpsuzlyk: awtoulgayň yzky böleginiň typyp burulmagyna we heläkçilikleriň ýüze çykmagyna getirýän duzy, reagentleri ýa-da çägäni ulanmagyň zerurlygy ýok.
Tygşytlamak: şäherler ýollary bejermeklige sarp edýän millionlarça dollaryny tygşytlap bilerler.
Ýöne ösüşiň bir bolmaýan tarapy bar - ekologiýa taýdan arassa hasaplanylmaýan  parafin mumy ulanylýar. Alymlar eýýäm has netijeli we ekologiýa taýdan arassa boljak öz-özüni ýyladýan betonyň ikinji neslini döretmek ugrunda iş alyp barýarlar.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....