Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynyň resmi netijeleri yglan edildi

  • 22.03.2024 22:21
  • 29k+

Russiýa Federasiýasynyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa ýörite mejlisde ýurduň Prezident saýlawlarynda ses berişligiň resmi netijelerini jemledi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

MSK-nyň maglumatlaryna görä, saýlawlarda RF-iň häzirki Baştutany Wladimir Putin saýlawçylaryň 87,28% sesini (76 277 708 adam) alyp, ynamly ýeňiş gazandy.
Ikinji saýlawçylaryň 4,31% sesi (3 768 470) bilen RFKP-den dalaşgär Nikolaý Haritonow boldy. 
Üçünji 3,85% ses (3 362 484) bilen Wladislaw Dawankow (“Täze adamlar” partiýasy) boldy. Dalaşgärleriň arasyndan Leonid Sluskiý (RLDP) iň az ses aldy – 3,20% (2 797 629).

“Wladimir Wladimirowiç Putin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti saýlandy” – diýip, Pamfilowa ses berişligiň jemi boýunça teswirnama gol çekilenden soň aýtdy. 

Saýlawlara gatnaşyk 77,49% boldy. Saýlawlara 87 576 075 saýlawçy gatnaşdy. Pamfilowa Russiýanyň häzirki zaman taryhynda şeýle görkezijiniň heniz bolmandygyny belledi.
Daşary ýurtlarda 388 791 saýlawçy ses berdi.


20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......