Gyrgyzystanda Magtymguly Pyragy barada leksiýalar girizilip bilner

  • 22.03.2024 06:03
  • 2k+

20-nji martda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi N.Golliýew respublikanyň bilim we ylym ministri D.Kendirbaýewa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistan DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen bilim we ylym pudagynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 
Esasy meseleleriň biri Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny öwrenmek boldy. Taraplar şahyryň ömri we döredijiligi barada leksiýa programmalaryny Gyrgyzystanyň umumybilim berýän mekdepleriniň mekdepden daşary okuw maksatnamasyna we ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdeplerine girizmek mümkinçiligi barada pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, taraplar ylmy gözlegler pudagynda gatnaşyklary ýola goýmak, şol sanda sanly tehnologiýalar, oba hojalygy we ekologiýa pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bellenilen bilelikdäki meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin iş gatnaşyklaryny dowam etdirmek isleýändiklerini tassykladylar. 


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......