Türkmenistan we Belgiýa hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekdiler

  • 21.03.2024 21:41
  • 4.6k+

19-njy martda Brýusselde Türkmenistan DIM-iň başlygynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belgiýa Patyşalygynyň Federal daşary işler, halkara söwda we hyzmatdaşlygyň ösüş gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

“Şu gün Türkmenistanyň wise-premýeri we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen men ikitaraplaýyn gepleşiklerimizi güýçlendirmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdik. Barha artýan durnuksyzlyk we düýpli global meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan dünýäde öňe tarap umumy ýoly kesgitlemek möhümdir” – diýip, Belgiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ýerun Kurman X sosial ulgamynda ýazdy.

Ähtnama şulary göz öňünde tutýar:

  • - Yzygiderli we bir gezeklik maslahatlar;
  • - Institusional özara gatnaşyk;
  • - Maglumatlar bilen paýlaşmak.

Bu çäreler ikitaraplaýyn gatnaşyklarda birnäçe meseleler boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.
Ähtnama gol çekilmegi özara hormata, ynama we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek islegine esaslanýan türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýar.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

25.05.2026 15:17
6.6k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......