Warner Bros. “Pişik” filminiň animasion remeýkiniň üstünde işleýär

  • 21.03.2024 11:19
  • 5k+

Warner Bros. Pictures Animation we Dr. Seuss Enterprises studiýalary “Pişik” multfilminiň – 2003-nji ýylyň adybir filminiň remeýkiniň üstünde işläp başladylar. Reliz 2026-njy ýylyň 6-njy martyna meýilleşdirilýär diýip, film.ru habar berýär.

“Pişik” ýazyjy Doktor Sýuzyň 1957-nji ýyldaky “Şlýapaly pişik” kitabyna esaslanýar. Sýužet erkek dogan bilen gyz dogana täze şäherde ornaşmaga kömek edýän gürleýän Pişik barada gürrüň berýär. 2003-nji ýylyň filminde Maýk Maýers, Dakota Fanning we Alek Bolduin oýnady. Bu taslama prokatda şowsuz boldy, tankytçylar tarapyndan oňyn däl seslenme aldy we “Altyn malina” baýragyna eýe boldy.
Remeýkde baş keşbe Bill Heýder (“Barri”) ses berer. Režissýorlar we ssenariýaçylar hökmünde Alessandro Karloni (“Kung-fu Panda 3”) we “Oskara” dalaşgär Erika Riwinoýýa (“Borat 2”) çykyş eder. Aktýorlar düzüminde Kuinta Branson, Bouen Ýang, Soçil Gomes, Mett Berri we Pola Pell hem bar.


şu gün 11:31
701

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....