Hytaýly alymlar howada “köpelmäge” ukyply dronlary döretdiler

  • 21.03.2024 06:18
  • 11k+

Nankin aeronawtika we astronawtika uniwersitetiniň alymlary uçuş wagty birnäçe kiçi aýry-aýry dronlara bölünip bilýän dronlary işläp düzdüler. Klýon tohumlarynyň gurluşyndan ruhlanan innowasion tehnologiýa dolandyryjysyz awiasiýa pudagyna uly täsir edip biler diýip, ixbt.com belleýär.

Taslama professor Şi Žiweý we onuň topary ýolbaşçylyk etdi. Olar netijeli sürüjisiz ulgamlary döretmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Netijede, olaryň ünsi göteriji güýji we ýele durnuklylygy üpjün edýän klýon tohumlarynyň gurluşyna gönükdirildi.
Gözlegleriň netijesinde howada iki, üç ýa-da hatda alty özbaşdak dronlara bölünmäge ukyply dronlary döretmek başartdy.
Häzirki wagtda “köpelýän” dronlaryň tizligi bazardaky iň çalt modeller bilen bäsleşip bilmese-de, alymlar tehnologiýanyň geljegine uly ynam bildirýärler we ony hasam kämilleşdirmegi meýilleşdirýärler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....