Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi energetika ministri bilen duşuşdy

  • 20.03.2024 13:03
  • 2.5k+

Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi N.Gollyýew Respublikanyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy T.Ibraýew bilen duşuşdy. Duşuşyk 14-nji martda Bişkekde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIm-i habar berýär.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn depginini nygtadylar we energetika hem-de söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Duşuşygyň barşynda nebitgaz ulgamynda geljegi uly taslamalar barada pikir alşyldy. Iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny artdyrmak meselesine aýratyn üns berildi.
T.Ibraýew 2 müň tonna suwuklandyrylan tebigy gaz möçberinde Gyrgyzystana iberen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna minnetdarlyk bildirdi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......