Barak Obama “Tagtlaryň oýnuny” döredijileriň serialynda surata düşmek teklibini aldy

  • 20.03.2024 10:07
  • 10k+

“Tagtlaryň oýny” serialyny döredijiler Dewid Benioff bilen D.B.Uaýss tiz wagtdan hytaýly ýazyjy Lýu Sysiniň XXI asyryň iň meşhur ylmy fantastiki eserleriniň biri bolan “Üç jisim meselesi” romanynyň ekranlaşdyrylmasyny çykarar.

Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, şourannerler serialy işläp taýýarlanlarynda bu romanyň uly muşdagy bolan ABŞ-nyň öňki Prezidenti Barak Obama epizodik keşbi hödürlediler. 
Ýöne syýasatçy bu teklibi ret etdi. “Men özümi hakyky özge planetalylaryň çozuşy üçin goramaly bolarmykam diýip gorkýaryn” – diýip, ol degişmek bilen jogap berdi.
Şol bir wagtyň özünde, Ak öýüň öňki ýolbaşçysy kino taslamalaryna eýýäm gatnaşypdy. Mysal üçin, ol 2023-nji ýylyň iň meşhur striming taslamasy bolan “Dünýäni yzda goý” apokaliptik trilleriniň prodýuseridir.
“Üç jisim meselesiniň” premýerasy 28-nji martda Netflix-de bolar. Baş keşpleri Rozalind Çao, Benedikt Wong, Saý Çin, Liam Kanningem, Eýsa Gonsales we Jon Bredli ýerine ýetirdi.


düýn 22:06
717

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......