Ilon Mask Grok çat-botunyň açyk koduny paýlaşdy

  • 19.03.2024 16:02
  • 3.8k+

Milliarder Ilon Mask emeli aňyň geljegi ugrundaky söweşinde nobatdaky ädimini ätdi. Ol xAI emeli aň startapy tarapyndan döredilen Grok çat-botunyň açyk kody bilen paýlaşdy.

Grok – X sosial ulgamyna integrirlenen çat-bot. Ol ulanyjylaryň postlary esasynda türgenleşip, olara sorag bermäge we maglumat beriji jogaplary almaga mümkinçilik berýär.
Grok-yň açyk kody emeli aň jemgyýetinde ýiti çekeleşikleri döretdi. Maskyň tarapdarlary munuň tehnologiýany has aç-açan we howpsuz etjekdigine ynanýarlar. Garşydaşlar bolsa koduň betpäl maksatlar bilen ulanylmagyndan heder edýärler diýip, The New York Times ýazýar.
xAI öz başlangyç koduny aýan eden ýeke-täk kompaniýa däl. Öň, Meta we Mistral fransuz kompaniýasy hem şeýle etdi diýip, Reuters agentligi belleýär. Google hem Gemma ady bilen emeli aň modelini çykardy. Ony üçünji tarap işläp düzüjiler öz isleglerine görä gutarnykly işläp bilýärler.
Ýatlap geçsek, öň Mask ChatGPT-ni işläp düzüji OpenAI kompaniýasyna we onuň baş müdiri Sem Altmana garşy kazyýete arza berdi. Mask olary esaslandyryjy şertnamasyny bozmakda aýyplady. Milliarderiň pikiriçe, kompaniýa girdejini adamzat bähbidinden ýokary goýup başlady.
OpenAI bu şikaýaty ret edip, birwagtlar Maskyň bu startapy Tesla awtomobil kompaniýasynyň bir bölegi etmegi teklip edendigini hem-de onuň täjirçilik pikirini goldandygyny, ýöne öz ýolbaşçylygynda bolmagyny isländigini aýtdy.

“OpenAI-iň nähili ajaýyp tehnologiki üstünlikleri gazanandygyny görüp, Mask indi bu üstünlige özi ýetmek isleýär” – diýip, OpenAI-iň hukukçylary ýazdy.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

02.04.2026 21:00
3.1k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......