Steam sanly dükany rekord goýdy. Bir wagtda onlaýn ulanyjylaryň sany 36,3 milliondan geçdi

  • 18.03.2024 14:56
  • 7.6k+

2024-nji ýylyň 17-nji martynda Steam sanly dükany ulanyjylaryň onlaýn işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. Şol gün bir wagtyň özünde 36,3 million adam hyzmatdan peýdalandy, bu platformanyň tutuş taryhynda iň ýokary rekord boldy.

Steam-iň öňki rekordy mart aýynyň başynda goýlupdy we ulanyjylaryň sany 34,2 million adam bolupdy.
Şol 36,3 million ulanyjynyň arasyndan, takmynan, 11,5 million geýmeriň oýunlara gatnaşandygyny bellemek möhümdir. Galan ulanyjylar diňe Steam programmasyny işe girizdiler, ýöne oýun oýnamadylar.

17-nji martda Steam-de iň meşhur oýunlar:

  1. Counter-Strike: Global Offensive (1,44 million oýunçy)
  2. Dota 2 (725 müň oýunçy)
  3. PUBG: Battlegrounds (706 müň oýunçy)

Steam-iň indi birnäçe ýyl bäri ösýändigini bellemelidiris. Muňa ýokary tizlikli internetiň ýaýramagy, kompýuter oýunlarynyň meşhurlygynyň artmagy, Steam platformasyndaky oýunlaryň geriminiň giňelmegi we arzanladyşlaryň, mahabatlaryň geçirilmegi ýaly birnäçe faktor bilen täsirini ýetirýär.


düýn 09:29
3.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....