Ilon Mask Starship-den alnan suratlary paýlaşdy

  • 18.03.2024 14:36
  • 12k+

Ilon Mask Starship kosmos gämisi uçurylanda onuň üstünden düşürilen suratlary paýlaşdy. Bu barada milliarderiň X sosial ulgamyndaky sahypasyna salgylanýan iXBT.com habar berýär.

"Munuň hakyky suratdygyna ynanar ýaly däl" - diýip, Mask suratlaryň birine beren teswirinde aýtdy.
Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasynyň üçünji synanyşykda Ýeriň orbitasyna şu wagta çenli gurlan iň uly we iň güýçli kosmos gämisi bolan Starship-i üstünlikli uçurandygyny ýatladýarys. Geljekde ony Ýeriň pes orbitasyna, Aýa we Marsa uçurmak  üçin ulanmak meýilleşdirilýär. 120 metrlik ulgam ilkinji gezek planetanyň daşyndan doly aýlanyp çykdy, ýöne atmosfera girenden soň ýok edildi.
Şeýle hem, Mask uçuş meýdançasynyň diňinde oturdylan kameradan Starship-iň uçurylyşyny görkezýän wideony ýerleşdirdi.
Ýere gonuş wagtynda weýran bolandygyna garamazdan, SpaceX synagy uly üstünlik hasaplaýar. Işläp düzüjiler bu sapar geçen gezekkilerden has köp öňe gidişligiň bolandygyny aýtdylar.


şu gün 00:18
408

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......