Gün ýene işjeňleşip başlady: 22-minutlyk M3.5 klasly partlama

  • 18.03.2024 16:07
  • 15k+

Günde M3.5 klasly güýçli partlama bolup geçdi, onuň dowamlylygy 22 minut boldy. Bu barada Amaly geofizika institutyna (FGBU “IPG”) salgylanyp, TASS habar berýär.

Gündäki partlamalar rentgen şöhleleriniň güýjüne görä bäş klasa bölünýär: A, B, C, M we X. M3.5 güýçlüligi boýunça üçünji klasdyr.
Institutyň maglumatlaryna görä, partlama 16-njy martda Aşgabat wagty bilen 21:35-de bolup geçdi. 15-nji martda bolan C6.0 orta klasly partlamadan soň, Ýeriň golaýyndaky kosmos giňişligine “proton akymlarynyň giň energiýa diapazonynda” aralaşmagy dowam edýär.
Şeýle-de bolsa, institutyň maglumatlaryna görä, işjeň protonlaryň akymyndan gelýän howpuň derejesi we Günüň rentgen şöhleleriniň Ýeriň ionosferasyna edýän täsiri soňky bir günde bäş derejeli şkala boýunça iň gowşak derejeden ýokary galmady.
Gündäki partlamalar, adatça, belli bir şertlerde Ýere ýetip, magnit hadysasyny güýçlendirip bilýän Gün plazmasynyň zyňylmagy bilen bilelikde bolýar.


düýn 16:34
2.9k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
4.9k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...