16-njy martda tutuş Türkmenistan boýunça 595 müň töweregi düýp nahal oturdyldy

  • 18.03.2024 11:33
  • 24k+

16-njy martda ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş Türkmenistan boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň 594 müň 892 düýbi oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 376 müň 204 düýp agaja ideg işleri geçirildi diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna Prezident Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyndan badalga berdi.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekleriň birinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Konstitusiýa binasy bilen Maslahat köşgüniň aralygyndaky çäkde döredilen seýilgäh zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň Başlygy bilen bilelikde bag ekmek dabarasyna girişdiler hem-de Arçabil şaýolunyň ugrunda ýakyn geljekde emele geljek tokaý zolagynyň döredilmegine badalga berdiler.
Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow 7 sany bag nahalyny oturtdylar.


düýn 19:38
4.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......