Germaniýada garrylar öýleri üçin «robot-agtyklary» öndürip başladylar

  • 18.03.2024 06:03
  • 8.8k+

Mýunhenden Navel Robotics startapy garrylar öýlerinde ulanmak üçin niýetlenen robotlaryň önümçiliginiň başlandygyny habar berdi. «Robot agtyklar» diýlip atlandyrylýan robotlar garry adamlar bilen aragatnaşyk gurmak üçin döredilip, emosional reaksiýa berip bilýärler.

Kompaniýany esaslandyryjy Klod Tussen robotlaryň adam duýgularyny tanap we olara jogap berip biljekdigini, bu bolsa olary garry adamlar üçin iň gowy ýoldaş edýändigini aýtdy. Häzirki wagtda robotlar birnäçe garrylar öýünde synagdan geçirilýär we olar bu merkezleriň ýaşaýjylaryna öz çagalarynyň ýaş wagtlaryny ýatladýar.
Robotlar emeli aň bilen enjamlaşdyrylandyr, bu olara degişme aýtmaga we garry adamlar bilen söhbetdeşlik geçirmäge, dostlukly atmosfera döretmäge kömek edýär. Bir garrylar öýüniň müdiri Wanessa Mýunsenmaýer ýaşaýjylaryň garry adamlaryň arasynda çalt meşhurlyk gazanan täze robotlara uly gyzyklanma we bilesigelijilik bildirýändiklerini aýtdy.
Synag tamamlanandan soň, Navel Robotics robotlaryň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Olaryň iki robot toplumy üçin 48 müň ýewro satylmagyna garaşylýar.


31.03.2025 09:09
5.6k+

"Spectrum" atly nemes raketasynyň ilkinji uçuşy şowsuz boldy, emma işläp düzüjileri kanagatlanýar

30-njy martda germaniýaly Isar Aerospace kompaniýasy özüniň Spectrum atly göteriji raketasyny ilkinji gezek synagdan geçirdi. Bu raketa Norwegiýanyň Annýoýa kosmodromy üçin ilkinji orbital uçuş bolmalydy. Şol bir...

26.01.2025 18:26
13k+

Germaniýaly inžener suwuň aşagynda 120 gün ýaşap, täze dünýä rekordyny goýdy

Germaniýaly aerokosmos inženeri Rýudiger Koh suwuň ýüzüne çykmazdan, onuň astynda uzak wagtlap galmak boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Ol Panamanyň kenarlaryna ýakyn ýerleşdirilen ýörite kapsulada 120 gün ýaşady...

10.03.2024 15:43
7.5k+

Geýdelbergdäki maglumat merkezi Ýewropada 3D çap edilen iň uly bina boldy

Germaniýanyň Geýdelberg şäherindäki täze maglumat merkezi Ýewropada 3D çap edilen iň uly binadyr. Wave House diýlip atlandyrylýan desganyň meýdany 600 inedördül metr. Mundan başga-da, desga diňe rekordy bilen däl...

21.02.2024 20:37
5.5k+

Hiç hili ykjam goşundysyz smartfon. Nemes kompaniýasy täze önümini tanyşdyrýar

Germaniýanyň «Deutsche Telekom» kompaniýasy emeli aň (AI) funksiýalary bolan ilkinji smartfonyň çykarylandygyny habar berdi. Bu barada «Android Central» habar berýär. «Deutsche Telekom» korporasiýasy fewral aýynyň...