Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň abraýly ýokary okuw mekdebiniň rektory bilen duşuşdy

  • 17.03.2024 23:23
  • 9.7k+

14-nji martda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ş.Meredow Özbegistanyň “Oba hojalygynyň irrigasiýasy we mehanizasiýasy inženerleri Daşkent instituty” milli ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory B.Mirzaýew bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar iki ýurduň ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyny we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda B.Mirzaýew özüniň ýolbaşçylyk edýän uniwersiteti barada gürrüň berip, halkara derejesinde gazanan üstünlikleri bilen giňişleýin tanyşdyrdy.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....