Harri Keýn Germaniýanyň çempionatynda ilkinji möwsüminde salan gollary boýunça rekord goýdy

  • 17.03.2024 14:39
  • 10k+

Mýunheniň «Bawariýasynyň» hüjümçisi we futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Harri Keýn Germaniýanyň çempionatynda ilkinji möwsüminde salan gollarynyň sany boýunça rekord goýdy. Bu barada Opta Sports Telegram kanaly habar berýär.

Çempionatyň 26-njy tapgyrynda «Darmştad» bilen geçirilen oýunda hüjümçi 31-nji goluny saldy. Şeýle hem netijelilik boýunça Keýn şahsy rekordyny täzeledi. Ondan öň ol Angliýanyň premýer-ligasynda (APL) «Tottenhemiň» düzüminde iki gezek 30 gol geçiripdi.
Keýn şu möwsümdäki ähli ýaryşlarda «Bawariýanyň» düzüminde 35 duşuşyga gatnaşdy. Ol jemi 37 gol saldy we 10 gol pasyny berdi.
Keýn geçen tomus «Tottenhemden» «Bawariýa» geçdi. Nemes kluby 30 ýaşly hüjümçi üçin 95 million ýewro töledi.


düýn 15:58
7.9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
4.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 21:03
1.9k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

21.06.2026 15:42
8.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......