Neuralink beýni çipi hakerleriň nyşanasyna öwrülip biler

  • 17.03.2024 14:12
  • 5.2k+

Ilon Maskyň kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Neuralink enjamy hakerlerden gowşak goralan bolup biler. Şeýle enjamyna hüjüm etmek üçin mümkin bolan ssenariýany kompýuter howpsuzlygy boýunça hünärmen Rojer Graýms The Sun gazetine beren interwýusynda beýan etdi.

Munuň üçin haker Neuralink çipiniň haýsy operasion ulgamy ulanýandygyny bilmelidir. Eger ol giňden ýaýramadyk bolsa, onda goraglylygy birneme ygtybarly  bolup biler.
Mundan başga-da, hüjümçi çip interfeýsine ýakynynda bolmaly. Megerem, çip oturdylan ilkinji adam we onuň nirededigi baradaky maglumatlar şonuň üçin aýan edilýän däldir.
Mundan başga-da, haker çipi dolandyrmak üçin onuň nähili işleýändigini bilmelidir. Implant internete birikdirilende döwülmek töwekgelçiligi artyp biler.
Graýms geçmişde köp sanly lukmançylyk enjamlarynyň döwlendigini, şonuň üçin Neuralink-iň nobatdaky nyşana öwrülmeginiň mümkindigini aýtdy.


düýn 10:34
1.5k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......