Şwarsenegger Roždestwo komediýasynda Santanyň keşbini janlandyrar

  • 16.03.2024 22:52
  • 12k+

Meşhur Golliwud aktýory Arnold Şwarsenegger “Haltaly adam” (The Man With The Bag) Roždestwo komediýasynda baş keşbi ýerine ýetirer. Film Amazon we MGM studiýalarynyň bilelikdäki taslamasy bolar. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

Şwarsenegger Roždestwonyň öňüsyrasynda öz haltasyny ýitirýän Santa-Klausy oýnar. Baýramçylygy halas etmek üçin, ol ogry Wens (Alan Riçson), onuň gyzy we elfler topary bilen birleşer.
Filmiň režissýory “Saç üçin lak” filmi bilen belli bolan Adam Şenkman bolar.
Geçen ýyl Şwarsenegger “Arnold” dokumental filminiň gahrymany boldy we “Fubar” serialynda surata düşdi (ikisi-de Netflix-de çykdy).
“Haltaly adam” filminiň çykjak senesi heniz habar berilmeýär.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....