Türkmenistanyň ilkinji ilçisi Awstraliýanyň General-gubernatoryna ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 16.03.2024 14:31
  • 8.9k+

12-nji martda Kanberra şäherindäki Hökümet binasynda Türkmenistanyň Awstraliýadaky ilçisi A.Baýramow Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatory Dewid Hýorlä ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi A.Baýramow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatoryna mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem, türkmen tarapynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanmasynyň bardygyny tassyklady.
General-gubernator öz gezeginde gelip gowşan mähirli salamlar we arzuwlar üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Awstraliýada ilkinji Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň bellenilmeginiň Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň taryhyndaky taryhy ähmiýeti barada belläp geçdi. General-gubernator hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň gyzgyn we mähirli salamlarynyň ýetirilmegini haýyş etdi. Şeýle hem, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň möhümdigini bellemek bilen, Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......