Robert Pattinsonyň baş keşbi janlandyrýan «Betmen» filminiň ikinji bölüminiň çykjak senesi yza süýşürildi

  • 16.03.2024 10:47
  • 4.9k+

Warner Bros studiýasy Robert Pattinsonyň baş keşbi janlandyrýan «Betmen» filminiň ikinji bölüminiň çykjak senesini yza süýşürdi. Supergahrymanly söweş filmi 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda çykar. Bu barada Independent neşiri habar berýär.

Ilkibaşda filmiň dowamy 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda çykmalydyr, indi bu senede Meggi Jillenhol we Kristian Beýliň surata düşen «Gelin» atly filminiň çykarylmagy meýilleşdirilýär.
Täze filmiň sýužeti barada anyk maglumatlar entek belli däl. Onda baş keşbi Robert Pattinson janlandyrdy. Filmde onuň bilen bilelikde Zoi Krawis (Pişik-zenan), Endi Serkis (Alfred) we Pol Dano (Matalçy) surata düşer.
«Independent» neşiriniň habar bermegine görä, filmiň dowamynda birinji bölümiň ahyrynda Matalçy bilen dostlaşan Barri Keogana has köp üns berler. Çeşmäniň belleýşi ýaly, bu gahryman Jokera öwrülip biler.
Sikwele öňki bölümiň üstünde işlän we «Maýmynlar planetasy» filmleri bilen tanalýan Mett Riwz režissýorlyk eder.
Robert Pattinsonyň baş keşbi janlandyrýan supergahryman filminiň birinji bölümi 2022-nji ýylyň mart aýynda çykdy. Film 770 million dollar girdeji gazandy. filmde Zoý Krawis, Kolin Farrell, Pol Dano we Jeffri Raýt hem surata düşdi.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......