SpaceX üçünji synanyşygynda äpet Starship raketasyny kosmosa uçurdy

  • 16.03.2024 08:17
  • 5.3k+

14-nji martda SpaceX üçünji synanyşygynda “dünýädäki iň uly we iň güýçli raketany” - äpet Starship raketasyny kosmosa üstünlikli uçurdy. Super Heavy raketa göteriji birinji basgançagy Ýeriň orbitasyna çykardy, soňra Starship aýryldy we suborbital traýektoriýa boýunça uçuşyny dowam etdirdi. Raketa kompaniýanyň Günorta Tehasdaky bazasyndan uçuryldy diýip, Hi-Tech habar berýär.

Synag uçuşynyň dowamynda Starship birnäçe möhüm wezipäni ýerine ýetirdi. Gämi kosmosda bolanda Starlink hemralaryny ýerleşdirmek üçin yzygiderli uçuşlarda ulanyljak ýük göteriji bölegiň gapysyny açdy. NASA bilen baglaşylan şertnamanyň çäginde kompaniýa kosmosda ýangyç geçirilişini hem görkezdi, onuň dowamynda  ýangyç kosmos gämisiniň içindäki bir bakdan beýlekisine geçirildi
Şeýle-de bolsa, atmosfera dolanandan soň, gämi bilen aragatnaşyk ýitdi. Deslapky maglumatlara görä, Starship ýylylygyň we basyşyň agyr şertlerine döz gelip bilmän pytrady.
Gonmak şowsuz bolsa-da, bu eýýäm Starship-iň ilkinji üstünlikli orbital uçuşy hasaplanýar. SpaceX kosmos gämisini döwrebaplaşdyrmak we indiki synaga taýýarlyk görmek üçin maglumatlary derňemegi dowam etdirer.
Starship şu wagta çenli gurlan iň uly we iň güýçli raketadyr. Ol 2022-nji ýylda “Artemis-1” missiýasynyň Orion kosmiki gämisini Aýa iberen SLS raketa göterijisiniň ululygyndan we ýük göterijilik ukybyndan öňe geçer.
SpaceX 2023-nji ýylda gäminiň iki synag uçuşyny amala aşyrdy: 20-nji aprelde we 18-nji noýabrda. Iki missiýa hem partlamalar bilen tamamlandy.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......