Türkmenistanda elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürjek HJ dörediler

  • 15.03.2024 23:24
  • 8.7k+

Türkmenistanda halk hojalygynyň zerurlyklary üçin möhüm bolan elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilen “Üznüksiz çeşme” hojalyk jemgyýetini döretmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer B.Annamämmedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde bu barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Täze önümçilik Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Aşgabatenergo” önümçilik birleşiginiň we “Üznüksiz hyzmat” hususy kärhanasynyň paýly gatnaşmaklarynda dörediler. Ol ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagyna goşant goşmaga, daşary ýurtlardan getirilýän elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň möçberini azaltmaga, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Serdar Berdimuhamedow elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary ýurdumyzda öndürmek işini ýola goýmaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny belläp, bu ugurda dörediljek bilelikdäki hojalyk jemgyýetiniň işinde häzirki zaman talaplaryndan ugur alynmalydygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.


19.05.2026 08:02
5.4k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
5k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....