Türkmenistan futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygynda Gazagystandan utuldy

  • 15.03.2024 15:18
  • 12k+

14-nji martda Dubaýda (BAE) Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gazagystanyň toparyna garşy geçirilen ýoldaşlyk oýnunda utuldy. Oýun 2:0 hasabynda tamamlandy.

Oýun taraplaryň özara ylalaşygy netijesinde ýapyk görnüşde geçirildi. Toparlar resmi oýunlardan öň “öz güýçli we gowşak taraplaryny” kesgitlemek islediler diýlip, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň metbugat relizinde bellenildi.

“Netije çykarýarys we işlemegi dowam edýäris” diýlip, ýurduň milli ýygyndysynyň teswirinde aýdylýar.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň Eýrana garşy oýunlaryndan öň türgenleşik geçmek üçin BAE-e geldi.
Uly çempionatlaryň final tapgyrlaryna yzygiderli gatnaşýan we Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynda çykyş edýän Eýranyň futbolçylary hem gapma-garşylyga faworit hökmünde taýýarlanýan bolsa gerek. Şonuň üçin Gazagystanyň topary bilen geçirilen oýun Mergen Orazowyň topary üçin has çynlakaý synagdan öň gymmatly güýç synagyna öwrüldi.


düýn 23:46
2.6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
2.4k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.5k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......