“Titanik” gämisi gaýdyp gelýär. Onuň nusgasy ummanyň düýbüne giden gäminiň syýahatyny gaýtalar

  • 15.03.2024 10:02
  • 25k+

Awstraliýada 1912-nji ýylda suwuň düýbüne giden “Titanigiň” dizaýnyny gaýtalajak kruiz gämisi gurlar. Gäminiň nusgasy ilkinji gatnawyny asyl “Titanigiň” ýoly bilen amala aşyrar. Bu barada “Daily Mail” neşirine salgylanyp, newdaynews.ru habar berýär.

Taslamany awstraliýaly milliarder Kliw Palmer maliýeleşdirer. Öň, ol täze “Titanigi” gurmak baradaky pikirini 2012-nji we 2018-nji ýyllarda-da aýdypdy, ýöne taslama serişdeleriň ýetmezçiligi we koronawirus pandemiýasy sebäpli durmuşa geçirilmedi.
Bu gezek işewür gämini gurmak üçin puluň ýeterlikdigine ynandyrýar. Taslama 1 mlrd funt sterling bilen bahalandyrylýar. Gämini gurmak bilen Palmeriň Blue Star Line kompaniýasy meşgullanar. Onuň daşky dizaýny doly göçürme bolar, tehniki düzüjiler bolsa döwrebap tendensiýalara laýyk getiriler. Agramy bilen 56 000 tonna suwy gysyp çykarýan dokuz palubaly gämi iň täze nawigasiýa we howpsuzlyk ulgamlary bilen üpjün ediler.
Milliarder “Titanigi” 2027-nji ýylda suwa goýbermegi meýilleşdirýär. Gämi ilkinji gatnawynda asyl gäminiň syýahatyny gaýtalap, Sautgemptondan Nýu-Ýorka ugrar.
Ýatlap geçsek, “Titanik” 1912-nji ýylyň 15-nji apreline geçilen gije aýsberg bilen çaknyşdy. Takmynan, 1,5 müň adam bu heläkçiligiň pidasy boldy, 712 ýolagça we ekipažyň agzalaryna halas bolmak başartdy.


22.04.2026 17:08
7.2k+

22 sagatlap howada bolmak isleýänlere: Qantas dünýäniň iň uzak uçuşlaryny taýýarlaýar

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy awiasiýa taryhynda iň dowamly täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Täze gatnawlar Sidneý şäherini London we Nýu-Ýork bilen birleşdirer....

20.04.2026 14:53
12k+

91 ýaşynda ata boldy: Awstraliýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Awstraliýaly Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Agtygy Aýlanyň dünýä inen pursatynda Smitiň ýaşy 91 ýyl 209......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

16.01.2026 15:32
1.3k+

Meta Awstraliýany ýetginjekler üçin sosial torlary gadagan edýän kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar

Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär...