ÝTÖB Türkmenistana göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek işlerini dowam etdirmäge taýýar

  • 15.03.2024 09:18
  • 2k+

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak üçin göni daşary ýurt maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça işleri dowam etdirmäge taýýar. Bu barada 14-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň arasynda geçirilen duşuşykda beýan edildi diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Gepleşiklerde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligini gowulandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, halkara hyzmatdaşlygy we ÝTÖB bilen bilelikde öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly täze taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan üçin 2019-2024-nji ýyllar boýunça ýurt strategiýasynda görkezilen ulag-logistika, maglumat tehnologiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, howanyň üýtgemegi we milli eksporta gönükdirilen kompaniýalary goldamak boýunça meseleleriň toplumyna seretdiler.
M.Bouman hyzmatdaşlygyň ýola goýlan döwründen bäri hususy pudagy ösdürmekde, döwlet we hususy edaralaryň maliýe binýadyny berkitmekde hem-de sebitdäki ulag aragatnaşygyny pugtalandyrmakda köp işleriň amala aşyrylandygyny nygtady.


düýn 19:30
1.6k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......