Toyota zähmet haklaryny soňky 25 ýylda rekord derejede ýokarlandyrar

  • 15.03.2024 06:19
  • 10k+

Ýaponiýanyň Toyota awtokonserni zähmet haklarynyň 28,4 müň ýena ($193) ýokarlandyrylýandygyny habar berdi – bu soňky 25 ýylda iň uly ýokarlandyrmadyr. Mundan başga-da, kompaniýa işgärlere rekord derejede ýokary bonuslary tölär. Toyota bu barada Ýaponiýanyň birnäçe uly kompaniýalary bilen kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda geçirilen ýyllyk gepleşikleriniň netijesinde aýtdy diýip, kommersant.ru habar berýär.

Toyota bu gepleşiklerde kompaniýalaryň arasynda resmi däl lider hasaplanýar. Gepleşiklere beýlekiler bilen bir hatarda Panasonic, Nippon Steel, Nissan we ş.m. gatnaşýar. Bu kompaniýalar hem zähmet haklarynyň ýokarlandyrylýandygyny yglan etdiler. 
Kompaniýalaryň bu karary, öz gezeginde, ykdysady ösüşi ýokarlandyrjak sarp ediji çykdajylarynyň artmagyna ýardam edip biler. Şeýle-de, bu Ýaponiýanyň Bankynyň pul-karz syýasatyny üýtgetmek üçin zerur şertleriň biri bolan inflýasiýanyň ýokarlanmagyna getirip biler. Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagy işçileriň sosial hal-ýagdaýyny gowulandyryp, ilatyň pes girdejili gatlagynyň arasynda garyplygyň derejesini hem azaldyp biler.
Hünärmenleriň belleýşi ýaly, köp sanly orta we kiçi kompaniýalaryň hem zehinli işgärleri saklamak we işe çekmek maksady bilen, iri kompaniýalaryň ýörelgesine eýerip, zähmet haklaryny ýokarlandyryp başlamagy mümkin. 


26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......