Hytaý we Russiýa 2035-nji ýyla çenli Aýda ýadro reaktoryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýärler

  • 15.03.2024 05:59
  • 5.2k+

Hytaý we Russiýa 2033-2035-nji ýyla çenli Aýa ýadro energiýa enjamyny ibermegi we onuň üstünde işe girizmegi meýilleşdirýärler. Bu wezipäni robot tehniki serişdelerini ulanyp, awtomatiki usulda, Ýeriň emeli hemrasyna adam ibermezden ýerine ýetirmek isleýärler. Munuň üçin zerur tehnologiýalaryň hemmesi eýýäm bar diýip, “Roskosmosyň” başlygy Ýuriý Borisowyň sözlerine salgylanýan TASS ýazýar.

Ýadro reaktory, Gün panelleri bilen deňeşdirilende, has ygtybarly we güýçli energiýa çeşmesine öwrüler. Ol geljekde Aýda boljak bazany energiýa bilen üpjün etmekde zerur bolar.
Häzirki wagta çenli Russiýanyň hem, Hytaýyň hem pilotirlenýän Aý missiýalaryny amala aşyrmandygyny bellemelidiris.
Hytaý “Çan'e” Aý maksatnamasyny 2013-nji ýyldan bäri durmuşa geçirip gelýär. Bu maksatnamanyň çäginde Aýa eýýäm birnäçe apparat, şol sanda rowerli gonuş moduly iberildi.
Russiýa 2023-nji ýylyň awgust aýynda “Luna 25” apparatyny gondurmaga synanyşdy, emma missiýa şowsuzlyga uçrady.


düýn 14:38
2.5k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......