Mars Ýeriň howasyna we çuň deňiz akymlaryna täsir edýär

  • 14.03.2024 22:37
  • 10k+

Sidneý uniwersitetiniň we Sorbonna uniwersitetiniň alymlary dünýä ummanyndaky çuň deňiz akymlarynyň Marsyň orbitasy bilen sinhronlaşýandygyny anykladylar. Bu barada Nature ylmy žurnalynda çap edilen gözlegde aýdylýar.

Çuň deňiz çökündileriniň seljermesi akymlaryň güýjüniň her 2,4 million ýyldan bir gezek üýtgeýändigini, Gyzyl planetanyň agyrlyk güýjüniň täsiri astynda güýçlenýändigini we gowşaýandygyny görkezdi.
Gözlegçileriň bellemegine görä, ygalyň ýoklugy ýa-da aram-aram kesilmegi Marsyň agyrlyk güýjüniň, planetamyzyň orbital durnuklylygyna täsir etmek bilen, Ýere iň ýokary derejede täsir ýetirýän döwürlerine gabat gelýär. Bu Gün radiasiýasynyň Ýere ýetýän mukdarynyň üýtgemegine getirýär. Netijede, planetanyň howasy kä maýyl, käte sowuk bolmak bilen, üýtgäp durýar.
Ýyly suwly ummanlaryň çuňlugynda has işjeň aýlanyşygynyň bardygy bellendi. Bu çuňlukdaky girdaplaryň geçmişde deňizleriň suwunyň ýylamagynda möhüm rol oýnap, häzirki ählumumy maýlamaklyga täsir edip biljekdigini görkezýär.
Gözlegiň awtorlarynyň biri Adrian Dutkewiçiň pikiriçe, ýyly ummanlardaky has güýçli aýlanyşyk, Atlantik meridional aýlanyşyk (AMOC) haýallan ýa-da togtan ýagdaýynda hem, ummanyň ýatalaşmagynyň öňüni alyp biler.
Şeýle-de bolsa, gözlegiň netijeleri bilen hemme alymlar ylalaşyp duranok diýip, New Scientist ýazýar. Sidneýdäki Täze Günorta Uels uniwersitetinden Metýu Inglend Marsyň Ýere edýän täsiriniň adamyň howany üýtgetmegi bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

“Ýeriň Mars bilen baglanyşygyna şübheli garaýaryn, sebäbi onuň agyrlyk güýjüniň Ýere täsiri gaty gowşak - Günüň täsiriniň diňe milliondan bir bölegi ýaly. Hatda Ýupiteriň hem Ýere agyrlyk täsiri onuňkydan güýçli "- diýip, ol belleýär.


14.06.2026 16:13
5.9k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......