Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi

  • 14.03.2024 21:38
  • 4.4k+

14-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi.

Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen  bellenildi.
Ulag we energetika ulgamlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşmegi ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde berk esas bolup hyzmat edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti halkara gatnawlaryny işjeňleşdirmegiň  we bu ugurdaky kuwwatlyklardan  doly peýdalanmagyň wajypdygyna üns çekildi. Şeýle hem Ýewropa we Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr geçirijiligini artdyrmak boýunça mümkinçiliginiň uludygy  bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatyndan Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady. 
Duşuşygyň barşynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri barada hem durlup geçildi.
Ýurdumyzyň banklarynyň we hususy ulgamynyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maliýe-karz hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler hem gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....