Apple emeli aň esasly mahabat tehnologiýasyny synagdan geçirýär

  • 14.03.2024 15:50
  • 2.7k+

Apple mahabat berijileriň uly bolmadyk topary bilen bilelikde täze emeli aň esasly guraly synagdan geçirip başlady, ol App Store-iň haýsy bölümlerine bannerleri goýmalydygyny awtomatiki ýagdaýda kesgitleýär.

Apple-iň emeli aň bilen işleýän guraly Google-yň Performance Max we Meta-nyň Meta's Advantage+ hyzmatlarynyň analogydyr. Ol mahabat berijilere býujetini, bannerleri görkezmegiň we salgylar esasynda oňa girmegiň bahasyny, islenýän tomaşaçylary we mahabat çäresiniň geografiýasyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Ondan soň Apple-iň algoritmi App Store-iň bar bolan bölümlerinde iň täsirli mahabat ýerleşdirilmegini awtomatiki usulda kesgitleýär.
Bu başlangyjyň Apple-iň mahabat hyzmatlaryny gowulandyrmak we giňeltmek boýunça has giň meýilnamalarynyň bir bölegidigi bellenilýär. Apple häzirki wagtda App Store-da gözleg bölümindäki bannerleri, gözleg netijeleriniň sahypasyny, teklipler bölümini, programma önümleriniň sahypalaryny we başgalary öz içine alýan dürli mahabat formatlaryny hödürleýär.
Apple-iň bu tehnologiýany App Store-da synagdan geçirip, ony Apple News, Stocks, Sports ýaly özüniň beýleki hyzmatlaryna hem ýaýradyp başlamagyna garaşylýar.


30.05.2026 00:14
2.3k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

21.04.2026 15:36
6.9k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......