Mask Grokuň täze wersiýasynyň “adamzadyň ähli bilimlerine” eýe boljakdygyny aýtdy

  • 25.06.2025 10:59
  • 4.9k+

Ilon Mask Grok emeli aňynyň täze wersiýasynyň “adamzadyň ähli bilimlerini” özüne almalydygyny aýtdy. Ol bu barada X sosial ulgamynda ýazdy we öz AI-siniň öwrenmek üçin başga başlangyç maglumatlara esaslanýandygy sebäpli bäsdeşleriniň çözgütlerinden tapawutlanjakdygyny belläp geçdi.

Telekeçiniň sözlerine görä, xAI topary giň logiki pikirleniş ukybyna eýe bolan Grok 3.5 wersiýasy ýa-da entek bildiriş edilmedik Grok 4 bilen işleýär. Ilki bilen, belli ýalňyşlyklary aradan aýyrmak we bilim boşluklaryny doldurmak üçin neýroulgamy gowulandyrmak meýilleşdirilýär. Ondan soň, Grok täzelenen maglumatlar korpusyny ulanyp, täzeden taýýarlanar.
Mask, bar bolan neýroulgamlaryň köpüsiniň "maglumat zibilinden" ejir çekýändigini aýtdy. Bu modelleriň hilini peseldýän nädogry maglumatlar boýunça öwredilmegi sebäpli ýüze çykýar. xAI-i işläp taýýarlaýjylaryň Grokdaky bu kemçiligi aradan aýyrmalydygyny aýtdy.
Mask 2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde Grok 3.5-iň ýakyn wagtda çykjakdygyny mälim edendigini ýatladýarys. Onuň aýratynlygy pikirlenmek we üýtgeşik jogaplary döretmek ukyby bolmalydy. Emma entek doly çykmady – işläp taýýarlamak dowam edýär. “Adamzadyň ähli bilimlerini” özünde jemlejek AI-iň täze wersiýasynyň yglan ediljek senesi entek aýan edilmedi.


düýn 18:19
2.8k+

Mask Starship-iň onunjy uçuşynyň senesini aýtdy. Soňky gezek tizleşdiriji ýarylyp, gämi ýanypdy

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Ilon Mask Starship kosmos gämisiniň täze synag uçuşyny yglan etdi. Milliarder X sosial ulgamyndaky sahypasynda Starship-iň prototipiniň onunjy uçuşynyň, takmynan, ýene üç hepdeden, ýagny awgust aýynyň başynda boljakdygyny ýazdy...

13.07.2025 19:08
2.9k+

OpenAI düýpgöter täze kompýuter döretmek isleýär. Häzirki enjamlar emeli aň üçin döredilmedik

OpenAI kompaniýasynyň baş direktory Sem Altman häzirki kompýuterleriň emeli aňsyz dünýä üçin işlenip düzülendigini, olaryň emeli aň bilen işleşmäge laýyk däldigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, kompaniýa konteksti göz öňünde tutup, esasly kararlary kabul edip bilýän düýbünden täze enjamyň üstünde işleýär...

07.07.2025 13:17
2.2k+

ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyplydygyny görkezdi

ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyply bolup çykdy. Ol «Kerbal Space Program Differential Games» atly simulýasiýadaky uçuş bäsleşiginde ikinji orny eýeledi. Bu barada «Live Science» neşiri habar berýär. Bäsleşik ilkinji gezek 2023-nji ýylda Massaçusets tehnologiýa institutynyň başlangyjy bilen geçirilip başlandy...

01.07.2025 19:01
5k+

Pekinde gumanoid robotlaryň arasynda ilkinji futbol ýaryşy geçirildi

Hytaýyň paýtagtynda gumanoid robotlaryň gatnaşmagynda özboluşly futbol ýaryşy geçirildi. Olar diňe emeli aň tarapyndan dolandyrylmak bilen, hiç hili daşarky gatyşyk bolmazdan meýdançada özbaşdak hereket edip, topy alyp, derwezä depdi...