Apple Microsoft Surface Studio äheňinde sensorly Mac işläp düzýär

  • 14.03.2024 15:47
  • 2.7k+

Apple kompaniýasy Microsoft Surface Studio meňzeýän sensorly Mac kompýuterini beýan edýän patentini täzeledi. Bu barada 9to5Mac portaly Patent Apple-a salgylanyp habar berýär.

Resminamada kompýuter «suratkeşler we beýleki ulanyjylar üçin egreldilýän sensor ekranly amatly iMac-yň dizaýny» diýlip suratlandyrylýar. Patent arzasynyň kompaniýa tarapyndan geçen ýylyň noýabr aýynda tabşyrylandygy, indi bolsa Apple-iň ony täzeländigi we enjamyň binýadyny, aýlanýan mehanizmi we enjamy berkitmek ulgamyny goşandygy bellenilýär.
Mundan başga-da, bu resminamada kompýuter däl-de, ony saklamak üçin aýlanýan direg hasaba alynýar, Apple-iň dizaýnerleriniň bellemeklerine görä, ol iMac-yň daşalmagyny aňsatlaşdyrar. 9to5Mac-yň žurnalistleriniň pikiriçe, bu sensor ekranly kompýuter 2016-njy ýylda hödürlenen Surface Studio örän meňzeýär.
Patentiň bolmagy Apple-iň hakykatdanam şuňa meňzeş enjamy öndürjekdigini aňlatmaýar. Şeýle-de bolsa, duýgur ekranly we sazlanyp bilinýän diregli Mac-dan ýüz öwrülmese, şeýle enjamyň peýda bolmagy üçin birnäçe ýyl gerek bolup biler.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

17.03.2026 16:47
986

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...