TikTok-y işläp düzüjiler Instagram-yň bäsdeşini çykararlar

  • 14.03.2024 08:14
  • 6.7k+

TikTok-y işläp düzüjiler TikTok Photos ady bilen suratlary paýlaşmak üçin sosial ulgamy çykarmaga taýýarlanýarlar. Täze serwis baradaky maglumat täzelenen TikTok programmasynyň kodunda peýda boldy diýip, TheSpAndroid portalyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, 33.8.4 wersiýaly TikTok programmasynda täze TikTok Photos serwisi barada ýatlanyp geçilýär. Onuň logotipi gysga wideolary paýlaşmak üçin niýetlenen asyl programma bilen birmeňzeş stilde, ýöne P harp görnüşinde ýerine ýetirilen.
Şeýle-de, datamaýnerler sosial ulgamyň adyny we beýanyny, şeýle-de “TikTok Photos-y açmak” we “TikTok Photos arkaly paýlaşmak” funksiýalaryny tapdylar.
Görnüşi ýaly, täze sosial ulgam Instagram-yň bäsdeşi bolar we Android hem iOS gurluşlary üçin elýeterli bolar. TikTok Photos-yň web-wersiýasynyň peýda boljakdygy belli däl. Täze sosial ulgamyň çykjak senesi-de aýan edilmeýär.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.5k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......