BBC: Howanyň üýtgemegi sebäpli ýakyn ýyllarda bananyň gymmatlamagy mümkin

  • 14.03.2024 07:38
  • 9.2k+

Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýakyn ýyllarda bananyň dünýä nyrhlary ýokarlanyp biler. Bu barada BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň Bütindünýä banan forumynyň bilermeni Paskal Lýuwyň sözlerine salgylanýan BBC habar berdi.

Ählumumy maýlama käbir sebitlerde banan ekinleriniň zaýalanmagyna sebäp bolup biler, sebäbi bu miwe temperaturanyň üýtgemegine örän duýgurdyr. Mundan başga-da, howa aşa gyzanda dürli keselleriň ýaýramagy hem çaltlaşýar.

“Plantasiýa bir kesel ýokuşdygy, banan agaçlarynyň hemmesi guramak bilen bolýar. Ondan dynmak gaty kyn "-diýip BBC ýazýar.

Hünärmen, howanyň üýtgemeginden başga-da bananlaryň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biljek beýleki faktorlary hem agzady: dökünleriň, energiýanyň we ulagyň bahasynyň ýokarlanmagy, şeýle hem bu pudakda işgärleriň ýetmezçiligi.


şu gün 12:21
4.6k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....

12.05.2026 08:11
3.6k+

Reňkli plastikleriň tozany atmosferany aşa gyzdyryp başlady

Hytaýyň we ABŞ-nyň alymlarynyň bilelikde geçiren barlagy atmosferadaky reňkli plastik bölejikleriniň howanyň üýtgemegine çaklanyşyndan has güýçli täsir edýändigini ýüze çykardy. Barlagyň beýany Nature Climate......