Türki Döwletleriň Guramasynyň wekilleri Ahalteke atçylyk toplumy bilen tanyşdylar

  • 13.03.2024 17:12
  • 9.3k+

Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň delegatlary Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördüler. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär.

Saparyň dowamynda myhmanlar toplumyň infrastrukturasy, şol sanda administratiw we VIP binalar, açyk meýdança, atlary, taýçanaklary saklamak üçin athanalar bilen tanyşdylar.
Wekiliýetlere atlary suwa düşürmek üçin howuzlar, haýwanlaryň saglygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur zatlar bilen üpjün edilen karantin binasy görkezildi. Ahalteke atçylyk toplumy döwrebap talaplara laýyk gelýär we atlary türgenleşdirmek hem ýaryşlara taýýarlamak üçin zerur zatlaryň ählisi bilen üpjün edilendir.
Türkmenistan ahalteke atçylygynyň ykrar edilen merkezi we bu özboluşly tohumyň watanydyr. Türkmenler tarapyndan, takmynan, 5000 ýyl mundan ozal ösdürilip ýetişdirilen ahalteke atlary häzire çenli çydamlylygy, tizligi we ajaýyp ýörişi bilen meşhurdyr. Köp ippolog alymlaryň pikiriçe, ahalteke atlarynyň gany atlaryň häzirki tohumlarynyň köpüsinde bar.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......